Arkadag binasy
Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 8-nji noýabrynda “Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakynda” 1487 belgili kararyny çykardy. Karara laýyklykda, biziň hususy kärhanamyz tarapyndan “Arkadag binasyny” bina edildi. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň täze belentliklerine uzaýan batly gadamlaryny alamatlandyrýar. Binanyň umumy beýikligi 43 metrdir. Onuň suw çüwdürimleriniň diametri 65 metre barabardyr. Sütüniň ýokarsyna görk berýän altyn çaýylan bugdaý sünbülleri ýurdumyzdaky berekediň, bolçulygyň sungat dilindäki beýanydyr. Arkadag binasyBerkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmagynyň manysyny aňladýar.
- Ýerleşýän ýeri
- 33C8+F6, Ashgabat, Türkmenistan
- Kategoriýa
- Monumentler
- Meýadyny
- 175,200 m²
- Başlanan senesi
- 2019
- Tamamlanan senesi
- 2023
- Ýerine ýetiren
- Sport Ýyldyzy H.K

