Sport Ýyldyzy
Akhan binasy

Monumentler

Akhan binasy

Arhitektor
Sport Ýyldyzy H.K
Ýerleşýän ýeri
324P+3G, Kommunizm, Türkmenistan
Meýdany
2,600 m²
Ýyllar
2023 — 2023

Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýylyň 21-nji maýynda “Meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monumenti gurmak hakynda” 102 belgili kararyny çykardy. Akhan binasy biziň hususy kärhanamyz tarapyndan Arkadag şäheriniň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasyna barylýan Bitaraplyk şaýolunyň çatrygynda guruldy. Mälim bolşy ýaly, şöhratly ahalteke tohumynyň ajaýyp wekili bolan Akhan bedewi 2018-nji ýylda Akhan çarpaýa galyp, iki yzky aýakda ýöretmek boýunça Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabyna girizilendir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça gurlan we täze şäheriň bezegi bolan bu özboluşly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy milletimiziň buýsanjy bolan behişdi bedewlere ählihalk söýgüsiniň nyşanydyr. Häzirki wagtda behişdi bedewler Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan uly üstünlikleriniň aýdyň nyşany bolup durýar. Akhan binasy Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynyň Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň welaýatlarynda täze binägärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek hem-de halkymyzyň milli buýsanjy bolan meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmagyny aňladýar.