Sport Ýyldyzy
Jahan Döredijilik Merkezi

Dolandyryş binalary

Jahan Döredijilik Merkezi

Arhitektor
Sport Ýyldyzy H.K
Ýerleşýän ýeri
X95M+FMQ, Ashgabat, Türkmenistan
Meýdany
-
Ýyllar
2019 — 2020

Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 31-nji martynda“Aşgabat şäherinde Fitnes we döredijilik merkezini gurmak hakynda” 1182 belgili kararyny çykardy. Aşgabat şäheriniň buýurmasy boýunça “Jahan döredijilik merkezi” dabaraly ýagdaýda açyldy. Medeniýet ulgamynyň täze desgasy, Aşgabat şäheriniň Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň günorta tarapynda biziň hususy kärhanamyz tarapyndan bina edildi. Döredijilik merkezinde sport ulgamyna degişli aýratyn desganyň bina edilmegi ýurtda sportuň hemişe okuw hem-de kämilleşmek, dynç almak we saglygyňy dikeltmek, işe bolan ukyp-başarnygyňy açmak bilen utgaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Merkeziň ses ýazgylar studiýasy dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde täze usullar we sanly ulgam bilen üpjün edilen enjamlaryň kömegi arkaly dürli ýazgylary ýerine ýetirmek bolýar. Şeýle hem merkezde kiçi we uly çagalaryň hor toparynyň, wokal-instrumental saz, fitnes, tans, ýoga, şonuň ýaly-da çeper-tikinçilik otaglar bilen üpjün edilendir. Döredijilik merkezini gurmak üçin 5 gektara golaý meýdan bölünip berildi. Şunda 28 müň inedördül metrden gowrak meýdan abadanlaşdyryldy, şeýle hem şol çäkde sport meýdançalary ýerleşdirilendir. Fitnes we döredijilik merkezi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binägärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem türkmen halkynyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döredýär.