
Dolandyryş binalary
Oba hojalyk toplumy
- Arhitektor
- Sport Ýyldyzy H.K
- Ýerleşýän ýeri
- 3388+X3H Aşkabat, Türkmenistan
- Meýdany
- 82,600 m²
- Ýyllar
- 2022 — 2023
Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda “Arkadag şäheriniň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada” 2569 belgii kararynyçykardy. Karara laýyklykda, biziň hususy kärhanamyz tarapyndan “Oba hojalyk toplumy” bina edildi. Oba hojalyk toplumy milli ykdysadyýetimizde täze taryhy eýýamynyň gazananlary üçin ygtybarly binýadyň esasyny goýýan strategiki ugurlaryň biridir. Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde häzirki wagtda bu ulgamda oba hojalyk toplumynyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini yzygiderli artdyrmaga, ekerançylaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Oba ilatynyň öndürijilikli zähmet çekmegi, halal zähmeti bilen baýamagy üçin ähli zerur şertler döredilýär.
