Sport Ýyldyzy
Tehnologiýalar binasy

Monumentler

Tehnologiýalar binasy

Arhitektor
Sport Ýyldyzy H.K
Ýerleşýän ýeri
X87H+RQ2, Project St, Ashgabat, Türkmenistan
Meýdany
852 m²
Ýyllar
2016 — 2017

Aşgabat şäheriniň häkimi 2016-njy ýylyň 18-nji aprelinde “Aşgabat şäheriniň Köşi ýaşaýyş toplumynda Köşi şaýolynyň aýlawynda “Tehnologiýalar”monumentini gurmak we abadanlaşdyryş işlerini geçirmek hakynda” 1186 belgili kararyny çykardy. Karara laýyklykda, bu monument biziň hususy kärhanamyz tarapyndan guruldy. “Tehnologiýalar” monumenti Aşgabat şäheriniň demirgazyk-günbatar böleginde, Köşi we gündogar tarapyndaky Magtymguly şaýolunyň ýol örtügi aýlawynda ýerleşýär. Monumentiň diametri 17 metrden ybarat bolup, daşyna jähekli ýol düşegi, yşyklandyryş enjamlary, oturdylan bezeg haýaty şeýle hem, ýokary böleginde tehnologiýanyň ösen derejesiniň nyşany ýerleşdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşleriň we özgertmeleriň täze belentliklerine tarap batly gadamlar bilen barýan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, paýtagtymyzy iň gözel şäherleriň birine öwürmek baradaky işlerini dowam etdirýändigi aýdyň subutnamasydyr.