
Monumentler
Welosiped binasy
- Arhitektor
- Sport Ýyldyzy H.K
- Ýerleşýän ýeri
- V7QP+R8M, Ashgabat, Türkmenistan
- Meýdany
- -
- Ýyllar
- 2019 — 2020
Türkmenistanyň Prezidenti “Aşgabat şäherinde Welosiped binasyny gurmak hakynda” 2019-njy ýylyň 22-nji fewralyndaky 1149 belgili kararyna gol çekmegi ýurdumyzyň sport jemgyýetçiligi üçin şatlykly waka boldy. Bu bina biziň hususy kärhanamyz tarapyndan Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda guruldy. 2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda Hormatly Gahryman Arkadagymyz tarapyndan paýtagtymyzyň Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda gurlan hem-de Aşgabadyň özboluşly ajaýyplygyna öwrülen Welosiped binasynyň açylyş dabarasy geçdi. Welosiped binanyň taslamasy bilen tanyşanyňda, onuň diametri 80 metre deň bolup we beýikligi 35 metr bolup bina tutuşlygyna halkymyzyň milli gymmatlyklaryny görkezýär. Binanyň merkezinde oturdylan Ýer şarynyň bir tarapynda ýerleşdirilen, Beýik ýüpek ýollarynyň sähralaryndan, dag-düzlerden hatar tutup geçip barýan ýükli kerwenler türkmeniň milli gymmatlyklarynyň geçmişden geljege sary durky bozulmandygy, çugdamlygy bilen äkidilip barylýandygyny aňladýan bolsa, kerweniň gapdalynda türkmeniň meşhur alabaý itiniň beýan edilmegi gadymy däp-dessurlarymyzyň, milli buýsançlarymyzyň berk goraglygyny şöhlendirildi.Ýer şarynyň beýleki tarapynda Türkmenistanyň kartasynyň, Ginnes Rekordlar Kitabyna girizilen binalaryň özboluşly beýanyny tapmagy, binanyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Ýer Şarynyň daşyndan halkalaýyn aýlanýan welosipedçiler berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleriň Zeminiň iň esasy gymmatlydygy baradaky düşünjäniň wagyzçylary hökmünde orta çykýar. Welosiped binasy Garaşsyz Watanymyzda beden terbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri işjeň ornaşdyrmak, ýurdumyzda welosiped sportuny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binägärlik-şähergurluşyk keşbini gözelleşdirmeginiň manysyny aňladýar.
